Şükür alla, bu gün ýetdim myrada-
Garyp köňlüm bir wysala ýetişdi.
Hijran çekip helal bolan kamatym
Ragna bolup, now nahala ýetişdi.
Ýüzüm Aýa düşdi gözlerim güne,
Aýralyk günleri salmasyn ýene,
Mydam çölde gezen teşne leb sona
Bu gün murguzarly köle ýetişdi.
Ýüregim gan bolup, gözler ýaş bolup,
Gizlenen syrlarym ile paş bolup,
Gül bilbile, bilbil güle duş bolup,
Ikisi myrada bile ýetişdi.
Iki aşyk bir-birine jem bolup,
Saz kimin tartylyp, zili-bam bolup,
Şum rakybyň saba wagty şam bolup,
Göz ýaşy reň tapyp, ala ýetişdi.
Tawus jilwe eýläp guba gaz bilen,
Gumrular dem tartyp, hoş owaz bilen,
Bilbil nowa düzdi nagma saz bilen,
Toty güftar eýläp, bala ýetişdi.
Aşyklyk barçany haýran eýleýn,
Beliýýat dagyna seýran eýleýir,
Bilin büküp, kalbyn weýran eýleýir,
Yşkyň ýüki Rüstem Zala ýetişdi.
Mahym diýer, söhbet tutdum ýar bilen,
Bilbil hemra boldy lälezar bilen,
Nazarym ýok gardaş-howandar bilen,
Aç gözlerim ýüzi hala ýetişdi.