Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝETIŞMEZ

ÝETIŞMEZ


Pyrkat eýýamynda, yşkyň bahrynda,

Wysala göz tutdum, döwran ýetişmez.

Yşkdan müň elem bar, köňlüm şährinde,

Dilberden birine derman ýetişmez.


Sözüň eda bolmaz sözlemek bilen,

Yşkyň pinhan bolmaz gizlemek bilen,

Gözüm gana doldy gözlemek bilen,

Indi gözlemäge perman ýetişmez.


Tä ölinçäm menden çykmaz hyýalyň,

Dürdäne dişleriň,  şeker zulalyň,

Janymda jaý tutdy suratyň, halyň,

Jan  bitakat  boldy, janan ýetişmez.


Lebine leb goýup, sorsam lebinden,

Ýazdyryp düwmäni, tirsem tülünden,

Boýnuna gol salyp, näzik bilinden,

Guçanyň janyna arman ýetişmez.        :


Tahyry köýdürdi görkäne ýüzler;   

Saňa gurban bolsun gelinler, gyzlar,

Mübärek jemalyň görmäge gözler,

Waspyň sözlemäge zyban ýetişmez.