Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

EÝ SABA

EÝ   SABA


Eý saba, zarym meniň arz ile jananymga aýt,

Kanda görseň, ýalbaryp jismim ýakan janymga aýt,

Şamy-owkatym  sypatyn mahy-gabanymga  aýt,

Kamatymnyň hamlygyn serwi-huramanymga  aýt,

Leblerimniň teşneligni aby-Haýwanymga   aýt.


Delmuryp, her ýany gözläp, arzuwy-ýar olmasyn.

Zöhre janymga salam: -agýar dildar olmasyn.

Ýykdyryp sabryn binasyn, beýle dildar olmasyn,

Elmydam ýarym diýip, aglap gezip, zar olmasyn.

Yşkyň ody köýdüren ol Çeşme-girýanymga aýt.


Kasyda bergil habar -göz ýaşy  gerýandyr --Dýiýp,

Sen periniň hijrinden haly perişandyr — Diýip,

Dertli  men sorgul:Dowamat näme dermandyr — Diýip,

Tahyryň meý ornuga  içdýgi gandyr — Diýip;

Zöhre atly mahy-peýker, ähli ýalganymga  aýt.