Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ZÖHREJANYM

ZÖHRE  JANYM


Hoş gal indi, Zöhrs janym,

Aýra düşdüm, dildar indi.

Behiştim, hurum, ryzwanym,

Hara dönmüş gülzar indi.


Ataň gazap donun geýip,

Bizni kylar gözden gaýyp,

Ýüzüň ýyrtyp, saçyň ýaýyp,

Sen çekmegil azar indi.


Tahyryň dara çekiler,

Ýüreginde ot çakylar,

Meýdanda ganym döküler,

Açylar lälezar indi.


Bu meýdanda Tahyr ölse,

Garabatyr häzir bolsa,

Zöhräm bilen oýnap-gülse,

Haçan tapam karar indi?