Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GÖZLÜNIŇ

GÖZLÜNIŇ


Tahyr jan, hezil etme maňa,

Hezil eýle, Zöhre jan bilen.

Oýnap degişmek  ýaraşmaz,

Kempire nowjuwan bilen.


Her kim oýnar öz deňine,

Baş  urma dünýä jeňine,

Gaflatda galyp soňuna,

Ötmegeý sen arman bilen,


Ýaman ,ýoldur yşkyň ýoly,

Bolar  sen diwana, däli,

Hakykatyn sorgul weli,

Eneň Şahyhuban bilen.


Ýüzleri jennetiň güli,

Zülpleri  sowsan-sünbüli,

Owazy Erem bilbili,

Örtär seni pygan bilen.


Garrylaryň pendin alsaň,

Garyplara rehim kylsaň,

Zöhre jana aşyk bolsaň,

Öter ömrüň hijran bilen.


Garry aýdar, budur sözüm,

Çoh neferler gördi gözüm,

Sen — oglum, Zöhrejan — gyzym, .

Ähtiňiz bar peýman bilen.