Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

DAGLAR

DAGLAR


Kylgyl meniň ýolum rowan,

Çar  pasly baharly daglar.

Senden karar tapar jahan,

Mydam bir kararly daglar,


Hakdyr seni belent kylan,

Hemdem  bolgul  pestler bilen.

Bahar eýýamy mest bolan,

Çisginli, jybarly daglar,


Men — gedalarnyň gedasy,

Janym  Zöhräniň  pidasy,

Aşyklarnyň yktydasy, 

Üsti belent garly daglar.


Gaýalary gyzyl gülli,

Gülleri şeýda bilbilli,

Dereleri doli sylly,

Ümürli, gubarly daglar.


Gaplaň gürlär gaýasynda,

Jeren gezer paýasynda,

Barça  haýwan saýasynda.

Mesgenli, mydarly daglar.


Boz laçyn uçar serinde,

Gözi bürgüdiň perinde,

Jülgesinde, kemerinde,

Ajdarly, şamarly daglar,


Ýüzleri ýaşyl hynaly,

Ser belent, ala synaly,

Tahyrdan köňli kineli,

Aşyklardan arly daglar