Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AGA  JAN BER  IÇEÝLI GÖROGLY ÝIGIDE SALAM  GELIPDI
AGAM  SENI GELDIŇMI? GÜÇYP   GELDIM ZÜLPÜŇ SENIŇ SEN   ÝETIR
AGAŇ  BOLAÝYN GELINÇÄM GYRAT  SAŇ MAMA SENI SEN   ÝETIR
AGALAR AGASY GELDIM DAGLAR MERT  OLDY SEN ONDA  AGLA, MEN MUNDA
ARAP  GARDAŞ GEREK DAGLARA MENIŇ   BALAM SEÝLE   GELIPDIR
AÝAN   EÝLÄÝIN GEREKDIR DEMIR   DONLY MEÝDAN   IÇINDE SÜRELI
AZAT  EÝLÄŇ,  PERILER GETIRER DOGAN BOLALY Meňzemez TÖWRIZ  GIDELI
ATY  GEREK GIDIJI   BOLMAŇ ÝARALY GELDIŇ NE BAG DUÝDY, NE BAGBANYŇ RASTMY?
AT  KIŞINIŇ   ÝOLDAŞYDYR GITMEZ   DUMANYŇ ÝARY GÖRDÜŇMI? NÄBILSIN HAL   ÜSTÜNE
BARDYR GYZLAR  GELEÝDI ÝAR-GÖRÜNER NÄZLIM TOÝUNY HAÝRAN  EÝLEDI
BERSIN GÖROGLYDAN   BILDIŇIZMI? ÝERINDEMI? OWAZY  GELDI PERIZADYŇ   ÝOLUNY
BOLMA GOÇLARYM   BARDYR ÝOL  MUNDADYR ÖWEZIM JANLAR   ÖWEZ
BEZIRGEN  HANY?

AGA  JAN


Kybladan   sallanyp   geldi   mestana,

Aga  jan,  Arabyň gyzyn  bereýin.

Jemalyn  görenler   boldy  diwana,  

Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.


Aşyk ähli  onuň arzuwyn çeker,

Lebi bal, gül çehre, dodagy şeker,

Görki-gün,  şuglasy älemi  ýakar,

Aga  jan, Arabyň gyzyn  bereýin.


Aryp  bolsaň, habar  algyn sözünden,

Bakdygyňça,   gözüň  doýmaz   gözünden,

Aşyk  bolan bähre alar  ýüzünden,

Aga jan, Arabyň gyzyn  bereýin.


Dokuz  köýnegi  bar, göwsi düwmeli,

Atasyny  görüp, gyzyn  öwmeli,

Gözeller içinde saýlap söýmeli,

Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.


Ýene döwran  geldi  biziň bu  baga,

Ol Zylyha bolsa, sen Ýusup, aga,

Biziň gözel ähli  şoňa sadaga,

Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.


Görogly beg ar üstünde söweşer,

Burma tar-tar saçy topugna düşer,

Ýuka   dodaklary   balmydyr-şeker,

Aga jan, Arabyň gyzyn  bereýin.