Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GÖROGLY

GÖROGLY

Haramylyk goç ýigide ýaraşmaz,

Alsaň nesihatym, gitme Görogly.

Päliwan gyz ahwalyňa garaşmaz,

Alsaň nesihatym, gitme, Görogly.

Mundan gitseň, şähri Bostan baryp git,

Hak adyny gursagyňa salyp git,

Aşyk Aýdyň pirden rugsat alyp git,

Oydan  rugsat alman, gitme Görogly.

Üç ýüz altmyş bagşy, pälwan barandyr,

Aýdyşyp, ýykylyp,janyn berendir,

Indiki amanat saňa galandyr,

Alsaň nesihatym, gitme, Görogly.

Mundan gitseň  şähri Bostan alyňda,

Hak senasy bolsun dawam diliňde,

Özüň bir gerçekdiň, Çaidibiliňde,

Alsaň nesihatym, gitme, Görogly.

Agaýunus gitme diýip, zar eder,

Haramylyk goç ýigidi har eder,

Basar, ýykar giň jahanyň dar eder,

Şudur nesihatym, gitme,Görogly.