Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

NE BAG DUÝDY, NE BAGBANYŇ

NE BAG DUÝDY, NE BAGBANYŇ


Bardym-da  bir  baga girdim,

Ne bag duýdy ne bagbaynyň,

Gyrmyzy  güllerin  tirdým,

Ne bag duýdy, ne bagbanyň.


Bir goç ýigit şikar etdi,

Baryp Gürjüstana ýetdi,

Hupnyşan ýagşylyk etdi,

Ne bag duýdy, ne bagbanyň..


Tirsin täze gülleriňden,

Sorsun  şirin dilleriňden,

Öwez guçsun  billeriňden,

Ne bag duýdy, ne bagbanyň.


Säher wagty bilbil ötdi,

Gülni görüp pygan etdi,

Görogly maksada ýetdi,

Ne bag duýdy, ne bagbanyň.