<Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

JANLAR   ÖWEZ

Janlar   Öwez


Owsun  atyp, tolgunar sen,

Abat bolsun köller, Öwez,

Aglamakdan gana döndi,

Gözde ýaşym siller, Öwez.


Daşyn gözläp, herýan bakdy,

Gahar bilen janym ýakdy,

Balhdan ötüp, Hinde çykdy,

Kanda  barar ýollar, Öwez.


Erkin dagdan  alar  pajy,

Watandan etdiň hyrajy,

Şeker talhdyr, nabat ajy,

Sensiz geçse ýyllar, Öwez.


Gitdi Öwez, oglum  gitdi,

Baryp ordasyna ýetdi,

Göroglyga gahar etdi,

Saňa gurban janlar, Öwez.