Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

RASTMY?

RASTMY?

Çopan aga, alyp geldiň bu taýa, Goýun bilen pul diýgeniň rastmy?
Ýalan sözläp, duşman bolma hudaýa, Goýun bilen pul diýgeniň rastmy?
.
Dost bolup, duşmanlyk etme arada, Ýaşyň uzak bolsun, ömrüň zyýada.
Şu gije göterip gaçdyň pyýada, Goýun bilen pul diýgeniň rastmy?
.
«Tur Öwez» diýip, haýbat bilen öldürdiň, Mertligiňi  Ýusup  şaga  bildirdiň,
Erk galanyň gapysyny syndyrdyň, Goýun bilen pul diýgeniň rastmy?
.
Çopan aga, meni aldyň-da gitdiň, Görmedik, bilmedik jaýyma eltdiň,
Han Öwezi şu gün sergezdan etdiň, Goýun bilen pul diýgeniň rastmy?