Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

HAÝRAN  EÝLEDI

HAÝRAN  EÝLEDI


Gaflatda ýatyrdym,  geldi  bir  peri,

Yşk oduna meni  haýran eýledi.

Şol  periniň söwdasyna  düşmüşem,

Yşk oduna meni haýran eýledi.


Galpak geýip, zer gupbalar,

 Şirin janym yşk oduna ýakypdyr,

Laçyn  kimin gyýa-gyýa  bakypdyr,

Yşk oduna meni haýran eýledi.


Tarlaýa deýin çar tarapa garaýyp,

Syýa  zülpün  dal  gerdende daraýyp,

Ak ýüzünde goşa-goşa hal goýup,

Yşk oduna meni haýran eýledi,


Eý, agalar, aklym  aldy bir peri,

Egnine geýipdir sim  bilen zeri,

Başyna  sanjypdyr tylla  nowzeri,

Yşk  oduna   meni   haýran  eýledi.


Görogly beg aýdar şirin sözüni,

Janym alan  nerkes, gara gözüni,

Sürme edinsem  basyp giden  yzyny,

Ady  Agaýunus  beýan  eýledi.