Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GÖROGLYDAN   BILDIŇIZMI?

GÖROGLYDAN   BILDIŇIZMI?


Gyrat geldi  jylaw  basyp,

Görogludan  bildiňizmi?

Aýlyk ýoly iki basyp,

Beg oglundan  bildiňizmi?


Näm  boldy,  akly çaşdymy?

Beýik daglardan aşdymy?

Arap  goluna  düşdümi?

Ýurt  oglundan  bildiňizmi?


Gala   ýykyldy, kendi  ýok,

Kyrk ýigidiň peýwendi ýok,

Atam  diýen  perzendi ýok,

Namyratdan   bildiňizmi?


Gyratyň üsti  boş geldi,

Ýa-ha Görogly beg öldi,

Çandybil eýesiz galdy,

Bizürýatdan   bildiňizmi?


Öwez jan, sen bäri gara,

Ýüregim  boldy set para,

Agaýuýus bir biçäre,

Howandardan  bildiňizmi?