Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SEÝLE   GELIPDIR

SEÝLE   GELIPDIR


Men bir oglan, geldim seniň adyňa,

Ajap oglan baga seýle gelipdir,

Sen bir şa sen, ýetiş meniň dadyma,

Ajap oglan baga seýle gelipdir.


Men bir aşyk, geldim saňa saz bilen,

Bir jeren awladym bahry-baz bilen,

Döwüşim bar Harmandäli gyz bilen,

Ajap oglan baga seýle gelipdir.


Wagtyň ötse, elip katdyň dal bolar,

Aryby görende, diliň lal bolar,

Halypama synam üsti ýol  bolar,

Ajap oglan baga  seýle gelipdir.


Aşyk Kerem  arz eýlesem özüne,

Gurban bolsam gaşy bilen gözüne,

Aşyk boldum enesiniň gyzyna,

Ajap oglan baga seýle gelipdir.