Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ATY  GEREK

ATY  GEREK


Eý,  ýaranlar, goç  ýigidiň,

Ozal-ha bir aty gerek,

Ýanynda kesgir gylyjy,

Ýaýy ondan gaty  gerek.


Pelegiň  çirki   dünýäsi,

Ötdi  ömrüm, galdy näsi,

Jüpbe, sowut tuwulgasy,

Meýdanda   gaýraty   gerek.


Ýigit gerek şirin sözli,

Göwni  açyk, güler  ýüzli,

Şir penjeli, laçyn gözli,

Bilinde kuwwaty gerek.


Ýigidiň  bolsa  döwleti,

Goşlap gezse bedew  aty,

Iliň içinde  şöhraty,

Hem   sowady-haty  gerek.


Görogly   beg   bigäräniň,

Hasaby ýokdur ýaranyň,

Oturan goçak teräniň,

Golunda döwleti  gerek,