Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SALAM  GELIPDIR

SALAM  GELIPDIR


Arzymny eşitgil, sen perizadym,

Bize näzli ýardan salam gelipdir,

Allaga sygyndym, eşitgil dadym,

Bize söwer ýardaý salam gelipdir.


Ötebilmen ala dagyň ýolundan,

Ak ýüzünde goşa-goşa halyndan,

Arslan baýyň gyzy Harman däliden,

Maňa dali gyzdan salam gelipdir,


Ötebilmen, ala dagyň gary bar,

Akgöwsünde goşa-goşa nary bar,

Gülharmanyň bu gün bize zary bar,

Bize söwer ýardan, salam gelipdir.


Görogly beg,«özi  gelsin» diýipdir,

Üç ýüz altmyş kelle kesip goýupdyr,

«Gelip, meni özi alsyn» diýipdir;

Bize söwer ýardan salam gelipdir.