Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GÜÇYP   GELDIM

GÜÇYP   GELDIM


Mundan bardym Rumustana,

Belent dagdan aşyp geldim.

Gyratym sürüp mestana,

Ganat baglap,uçup geldim.


Bir ýar tapdym Rum ilinden,

Guçmuşam inçe bilinden,

Käse berdi ak golundan,

Gülgün şerap içip geldim.


Bir ýaryň  ýanyna  bardym,

Zowky-sapasyny sürdüm,

Harmandäli gyzy gördüm,

Maldan, başdan geçip geldim.


Adyn aýtsam, däli Harman,

Her bir sözi derde derman,

Görogluda ýokdur arman,

Jennet ýolun açyp geldim.