Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BERSIN

BERSIN


Baryň  aýdyň Arslan baýa,

Wada eden ýary bersin.

Nalyşym ýetdi hudaýa,

Syýa zülpi tary bersin.


Husnuň äleme dolduran,

Pälwanlygyny bildiren,

Üç ýüz aşygy öldüren,

Jadygöý hunhory bersin.


Hak şerabyndan gandyryp,

Eýäm çyragyn ýandyryp,

Kyrk gün toý edip mündürip,

Ýedi hatar neri bersin.


Aýdyň berk bol imana,

Bil baglaman bipeýana,

Bagyş eýledim Kerem jana,

Razy bolup, bary bersin.