Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GOÇLARYM   BARDYR

GOÇLARYM   BARDYR


Men saňa diýdim Hesen han  paşa,

Meniň saňa  dogry sözlerim bardyr,

Atyňy ugratma gaýadan daşa,

Meniň at işlemez  ýerlerim bardyr.


Egri däldir, sada dogrudyr sözüm,

Ganymy göremde, açylar gözüm,

Eger  atym  büdräp ýykylsam özüm,

Üstümde how çeker şirlerim bardyr.


Men saňa nä diýdim, kem saýdyň bizi,

Çykar men çöllere, awlar men düzi,

Öweze ýetinçä gyrar men sizi,

Kerbela deşti  dek  çöllerim  bardyr.


Ýigitlerim bardyr bukuda bekli,

Garaguş ganatly, arslan ýürekli,

Seri durna telli, samyr börükli,

Ýagyrny galkanly goçlarym bardyr.


Görogly  beg adym älemde destan,

Gyratym  meýdanda   ner  kimin  mestan,

Haýbatyndan titrär  külli  Arabystan,

Tekeli,  türkmenli   illerim   bardyr,