Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BER  IÇEÝLI

BER  IÇEÝLI


Garşym   alyp  duran  dilber,

Näzlim,  bir suw  ber içeýli,

Ter hynaly   gollaryňdan,

Gyz-juwan,  suw  ber içeýli.


Menem  geldim   illerimden,

Seýran   etsem  gülleriňden, ,

Ter hynaly gollaryňdan,

Gyz-juwan,  suw  ber,içeýli


Senmisiň Arabyň gyzy,

Geýen  donlaryň gyrmyzy,

Näz  bilen köýdürme bizi,

Gyz-juwan, suw  ber,  içeýli.


Goly  hyzmatda  baglyny,

Menzili ýyldyz daglyny,

Tanyrmy sen  Göroglyny,

Gyz-juwan,  suw  ber, içeýli.


Bilbil güle çeker  zary,

Aşygyň köýmesin ary,

Göroglynyň söwer  ýary,

Bibijan,  suw  ber, içeýli.