Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÖWEZIM

ÖWEZIM


Köňül talwas eder  Çandybilinden,

Weýeňňam  şährine barsam,  Öwezim,

Bilbil  uçup, zaglar  gondy  gülume,

Weýeňňam   şährine barsam, Öwezim.


Ýoluna men çykdym, serimden geçip,

Hiç  kimse gutulmaz elimden gaçyp,

Menem oglum diýip, göwnümi açyp,

Mydam seniň bilen ýörsem Öwezim.


Ner kimin diş çalyp, girsem meýdana,

Duşmanlary getirer men amana,

Şalara   inderip  ahyrzamana,

Döwşer men, duşmanyň görsem  Öwezim.


Görogly beg, hak eşitsin nalamy,

Öwez jan, owazyň tutdy älemi,

Kadyr möwlam etse bize engamy,

Çandybile alyp barsam, Öwezim.