Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AGAM  SENI

AGAM   SENI


Ýowuz gün düşdi başyma,

Ýat edeýin, agam, seni,

Bir duşman geldi gaşyma,

Ýat edeýin, agam, seni.


Indi duşman geler  boldy.

Jana otlar salar boldy,

Zorluk eýläp alar boldy,

Ýat edeýin, agam, seni.


Gutulman munuň destinden,

Ýol  tapman ýeriň astyndan,

Haraý görmedim dostuňdan,

Ýat edeýin,  agam, seni.


Ýykyldy eýwanym, tagtym,

Neçün gara boldy bagtym?

Aýsoltan diýr, öler wagtym,

Ýat edeýin, agam, seni.