Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GIDIJI   BOLMAŇ

GIDIJI   BOLMAŇ


Men size öwüt  bereýin,

ÝurdyG terk ediji  bolmaň.

Özüňden  gaýry  namardyň,

Gullugyn  ediji  bolmaň.


Ötmän ýagşyny  görende,

Halyndan  habar berende,

Bir dertli aglap duranda,

Ýanynda gülüji bolman.


Ýagşynyň ýüzi jennetdir,

Ony  bilmek ganymatdyr,

Namardyň işi minnetdir,

Zer  berse,  alyjy bolman.


Ýörüş-ha, Görogly,  ýörüş,

Myhman  gelse,  bişir  söwüş,

Döwüşseň, mert bilen döwüş,

Gaçany  kowujy  bolmaň.


Bedew münseň dag aşar sen,

Alkyş  alsaň, köp ýaşar sen,

Hyjalata  bulaşar sen,

Bimahal  ýöriji  bolmaň.