Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BEZIRGEN  HANY?

BEZIRGEN  HANY?


Gurbanyň bolaýyn eziz  mimanym.

Malymyň  eýesi, — Bezirgen hany?

Şirin  janym  bolsun seniň gurbanyň,

Mülkümiň  eýesi — Bezirgen hany?


Men ozal gorkupdym  gören düýşümden,

Bilmen,  ne söwdalar geçdi başyndan,

Men  aýra düşdümmi şunkar guşumdan,

Mülkümiň  eýesi — Bezirgen hany?


Meniň  agam  bir  ýerlerde öldümi?

Saralyban gül meňizi soldumy,

Çöl  ýerlerde mazar bolup galdymy,

Janymyň eýesi — Bezirgen hany?


Aýsoltan gyz diýrler meniň adyma,

Bir ah ursam, älem ýanar oduma,

Zar aglasam, agam düşer ýadyma,

Başymyň eýesi — Bezirgen hany?