Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

MENIŇ   BALAM

MENIŇ   BALAM


Seriňe  döneýin, Çandybil  hany,

Seniň balaň, meniň  balam  dälmidi?

Bir ýyl boldy çekdim dagy-hijrany,

Seniň balaň, meniň balam dälmidi?


Bir ýyl boldy, gören günüm hor boldy,

Aglaý-aglaý iki gözüm kör boldy,        

Enem—diýip,Öwez  jan howandar boldy,

Seniň balaň, meniň balam dälmidi?.


Kyrk ýigidiň almaklyga çaklady,

Atam. — diýip, Öwez  ýurduň saklady,

Ogulluk eýledi, duzuň haklady,

Seniň balaň,meniň balam dälmidi?


Hiç dadym ýetmedi gözel  jepbara,

Aglaý-aglaý,bagrym boldy set para,

Muny  aýdýan Agaýunus biçäre,

Seniň balaň, meniň balam dälmidi ?