Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GYRAT  SAŇA

GYRAT  SAŇA


Bedewin  asly behiştden,

Berekella,  Gyrat,  saňa!

Nalyn  tylladan, kümüşden,

Berekella, Gyrat saňa!


Haýkyrar sen herýan bakyp,

Dört  aýagňy ýere dikip,

Derýaýy-Nillerden  böküp,

Berekella,  Gyrat, saňa!


Owsun urup, çag bolar sen,

Jeren gaçsa, tiz alar sen,

Gelin-gyz dek sallanar sen,

Berekella,  Gyrat, saňa!


Görogly  geldi  jahana,

Sen ýetir meni mekana,

Bermenem  Rum, Ispyhana,

Berekella,  Gyrat, saňa!