Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

PERIZADYŇ   ÝOLUNY

PERIZADYŇ   ÝOLUNY


Gudrat  bilen  bina  bolan  ajdarha,

Bent eýleme perizadyň ýoluny.

Seni-meni halk eýlegen, bir alla,

Bent eýleme perizadyň ýoluny.


Ajdarha,  sen  näge melul  bolar  sen,

Haýbat bilen maňa nazar salar sen,

Gazap etsem, häli şu gün öler sen,

Bent eýleme perizadyň ýoluny.


Meni, sorsaň, Çandybilden gele men,

Bir ýar üçin çykdym alys ýola men,

Aslym  aýtsam, Ady begiň ogly  men,

Bent eýleme perizadyň ýoluny.


Meniň ýarym  syýa  zülpün  örmeli,

Çandybilde bäş gün döwran sürmeli,

Görogly aýdar: ýar jemalyn görmeli,

Bent eýleme perizadyň ýoluny.