Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

DAGLARA

DAGLARA


Göçe-göç eýledi göwün kerweni,

Gel,  Öwezim, dolanalyň daglara.

Kadyr möwlam gaýdyp berdi gaşyma,

Gel, Öwezim, dolanalyň daglara.


Garrydy,  garrydy, göwün  garrydy,

Goja dagda gar galmaýyn eridi,

Çandybile agyr kerwen ýöridi,

Sür, Öwezim, dolanalyň daglara.


Goja dagyn, synasynda gary bar,

Jülgesinde injiri bar, nary bar,

Elmydama baglarynyň bary bar,

Bas, Öwezim, dolanalyň daglara.


Görogly aýdar: haraýlarym çatyldy,

Goç kelleler şalgam kimin atyldy,

Targy gulak dal bedewler tutuldy,

Mün,  Öwezim,  dolanalyň daglara.