Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GETIRER

GETIRER


Bidöwleti  baga  salma,

Gül  bakjaňa har getirer.

Gülleriňden  tire  bilmez,

Şahasyna zor getirer.


Namart haýyr işigin açmaz,

Muhannes şer işden gaçmar,

Maly  boloa iýmez-içmez,

Namart ömrüň hor ötürer.


Namart bilen ýola gitseň,

Baryp bir menzile ýetseň,

Näkesi hyzmatkär tutsaň,

Çilim diýseň, Meň getirer.


Namart bilen ýola barma,

Bile ýatyp, bile turma,

Namarda amanat berme,

Köpün iýip, az getirer,


Ölme-ha, Görogly, ölme,

Ölinçäň özüňden galma,

Çaman münüp, çaňda galma,

Şirin jana zor getirer.