Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝARALY GELDIŇ

ÝARALY GELDIŇ


Ylgar giden ýigit ýalan sözlemez,

Atyň näsag,özüň ýaraly geldiň.

Dost bolan dosdundan syryn gizlemez,

Atyň näsag, özüň ýaraly geldiň.


Ylgar edip, beýik dagdan aşypsyň,

Ony görüp, akyl-Huşsuz çaşypsyň,

Bir  naçaryň aşagyna düşüpsiň,

Atyň näsag, özüň ýaraly geldiň.


Doly derýa kimin gaýnap daşyp sen,

Ony görüp, maldan, başdan geçip sen,

Gutly bolsun, hile bilen gaçyp sen,

Atyň näsag, özüň ýaraly geldiň.


Ozal perizadyň sözün almadyň,

Çandybilden şähri Bostan barmadyň,

Aşyk Aýdyň pirden rugsat almadyň,

Atyň näsag, özüň ýaraly geldiň.