Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

MEÝDAN   IÇINDE

MEÝDAN IÇINDE


Bedew at girse meýdana,

Goja dagyň başyn  gözlär,

Goç ýigit girse meýdana,

Dördün ýykyp,  bäşin gözlär.


Ýarasy bar  başlarynyň,

Gany bar gylyçlarynyň,

Goçýigit ýoldaşlarynyň,

Meýdanda söweşin  gözlär.


Meýdanda segreşer atlar,

Ot  bereňde  tüpeň çatlar,

Ýüzi  gara melamatlar,

Gaçaýyn diýip, daşyn gözlär.


Görogly, sygyndym haka,

Muhannesiň jebrin çeke,

Goç ýigit dogmasyn ýeke,

ýygylsa, daşyn gözlär.