Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝARY GÖRDÜŇMI?

ÝARY GÖRDÜŇMI?


Gökden uçan top jygaly durnalar,

Arzuwlym dagynda gary gördüňmi?

Gapyllykda söwda salan serime,

Pelek aýra salan ýary gördüňmi?


Uruşda Gyratym düşer dilime,

Şeşperi, jyzany  alsam elime,

Ýetirin salamym Öwez ogluma,

Jennet ryzwanym bary gördüňmi?


Öwez oglum Buldur -gassap ogludyr,

Jennetiň açylan täze gülüdir,

Kyrkyňyzyň kazan dolan günüdir,

Jöwher pyçak tygy zory gördünmi?


Bady-saba el dek bolup öseli,

Gaýrat ediň, ganym başyn keseli,

Iki owara bir begini basaly,

Pyçakly başa-baş käri gördüňmi?


Söweşe girenler al şerap içer,

Meýdana girenler ak köpük saçar,

Öwez diýip Görogly serinden geçer,

Ganymyň elinde hary gördüňmi?