Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AT  KIŞINIŇ   ÝOLDAŞYDYR

AT  KIŞINIŇ ÝOLDAŞYDYR


Däli köňlüm, melul bolma,

Melul muhannes işidir.

Janym Gyrat derkar boldy,

At kişiniň gardaşydyr.


Sen atyňa gulluk eýle,

Çykar donuňy, jul eýle,

Iýmini-otun bol eýle,

At kişiniň ýoldaşydyr.


Galkan ýigide galadyr,

Taslyny bilmeseň beladyr,

Dogan-dogana penadyr,

Emekdeş diwal daşydyr.


Gal-ha,  Görogly, galawer,

Dosdy,   duşmanyň bilewer,

Tur-da ýoluňy alawer —

Gyratyň göwün hoşudyr.