Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

DOGAN BOLALY

DOGAN   BOLALY


Seni  diýip geldim Çandybilinden,

Ussa Badam, gaýyr, gardaş bolaly,

Sazymny syndyryp,sepil bolmuşam,

Ussa, sazym gaýyr, gardaş bolaly.


Seýran etdim, Çandyýiliň düzüne,

Gurban olam  şägirtleriň gözüne,

Ussam, sadap goýgun dutar ýüzüne,

Ussa, sazym gaýyr gardaş  bolaly.


Ussa, sen,ussa  sen, daýanma  güýje,

Ordaňy göçürip, gondyryn  uja,

Ussa, daýanar men egri gylyja,

Ussa, sazym gaýyr, gardaş bolaly.


Ussa.sen, ussa sen, kylma bahana,

Owazyň düşüpdir jümle-jahana,

Şu gije myhman men gyza, juwana,

Ussa, sazym gaýyr, gardaş  bolaly.


Bu ýerden ötendir  erenler-pirler,

Gyrata  münemde, titreşer  ýerler,

Meni tanamasaň,Görogly diýrler,