Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GELDIM

GELDIM


Seriňe döneýin, gül ýüzli jenan,

Seniň bilen döwran sürmäge geldim,

Bagyňda açlan reňbe-reň gülüň,

Bagban bolup, gülün, tirmäge geldim.


Seýran edip gezsek bagyň, düzleriň,

Tarypyny diýseň şeýda gyzlaryň,

Gaýmak dodaklaryň, bal agyzlaryň,

Hoş  görsen, diliňden sormaga  geldim.


Gözleriň jan algyç, gaşyň kemany,

Seni görenleriň çohdur armany,

Üç ýüz altmyş gyzyň hany, soltany,

Mydam gullugyňda durmaga geldim.


Aşyk Gammar, ýaryň bagyna  girsem,

Çemen baglap, täze gülleriň tirsem,

Seniň bilen zowky-sapalar sürsem,

Men seniň goýnuňa girmäge geldim.