Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AGALAR AGASY

AGALAR AGASY


Ugrap geldiň Gürjüstanyň ilinden,

Agalar   agasy—begdir  Bezirgen.

Gürjüstan iliniň hany-soltany,

Daglaryň arslany-şiri  Bezirgen.


Bedewin ugradyp, pelek kastyna,

Seretmedi  belendine-pestine,

At oýnadyp geldim özüm üstüňe,

Bizi merde saýmaz, oýnar Bezirgen.


Bady-saba  ýeller kimin öwsüldi,

Bagrym başy para-para  kesildi,

Duşman hilesinden gözüm gapyldy,

Gözüm ýaşy gana döndi, Bezirgen.


Egnine teýipdir samyrdan kürki,

Başyna geýipdir bekdaşy-berki,

Görogly beg, doganlygymyň erki,

Duşmanlar kast edip üzdi, Bezirgen.