Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝIGIDE

ÝIGIDE

Owal  başda  hudaýymdan, Döwlet  gerekdir   ýigide,
Ýykylanda   goldamaga, Medet gerekdir  ýigide.
.
Gala-gala  gezleşmäge, Ner-bugra dek dyzlaşmaga,
Ar-namysy yzlaşmaga, Dogan gerekdir ýigide.
.
Duwly zerefşan saçakly, Işigi eýwan ojakly,
Uzyn boýly, giň gujakly, Gözel gerekdir  ýigide.
.
Atyn jaýynda  baglaýan, Kesip jigerin daglaýan,
Ölende zaryn aglaýan, Naçar  gerekdir  ýigide.
.
Atdyr ýigidiň ýoldaşy, Oguldyr döwletiň başy,
Gyz hem bolsa köňül hoşy, Zürýat gerekdir  ýigide,
.
Goç ýigitler nesihatda, Muhannesler  parahatda,
Görogly  beg,  ahyretde Iman gerekdir  ýigide.