Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

OWAZY  GELDI

OWAZY  GELDI


Bilmen oýalykda, bilmen düýşümde,

Pelende Gyratyň owazy  geldi.

Ýaman günler bardyr meniň başymda,

Peleňde Gyratyň owazy  geldi.


Peleň dagy on bäş günlük ýol bolar,

Arasynda menzili ýok, çöl bolar.

Indi meniň her bir günüm ýyl bolar.

Ýyglaýyp, gyratyň owazy geldi.


Söýünji hol gitdi şanyň iline,

Biz ýöräris Peleň dagyň ýoluna,

Öwez jan düşendir ganym  goluna,

Peleňde Gyratyň owazy geldi,


Eý, Görogly,  Gyratyňy  ýat eýle,

Gyratsyz  baglara  barmagyn seýle,

Perişan kysmatym ýazyldy şeýle.

Ýyglaýyp, Gyratyň owazy geldi.