Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

MERT  OLDY

MERT  OLDY


Eý, ýaranlar, musulmanlar,

Namart mert  oldy, mert oldy.

Ne ajaýyp zamanalar

Göçdi, ýurt oldy, ýurt oldy.


Gaýlar geler aka-aka,

Gider bagrym ýaka-ýaka,

Ýar  ýoluňa  baka-baka,

Gözüm dört oldy, dört oldy.


Perimin ala  gözleri,

Mahy tabandyr ýüzleri,

Rakybyn  tagna sözleri,

Jana dert  oldy, dert oldy,


Görogly  aýdar men hezaram,

At bile özüm bezärem,

Men  näçe misgin gezerem,

Adym gurt oldy, gurt oldy.