Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

NÄBILSIN

NÄBILSIN


Garga bilbillik başarmaz,

Gülün gadyryn nä bilsin,

Sährada gezen boz guşlar, 

Kölün gadyryn näbilsin.


Ekin ekip,çil çekmeýen,

Supra ýaýyp,nan dökmeýen,

Arynyň zährin çekmeýen,

Balyň gadyryn näbilsin.


Ajy-süýjini datmaýan,

Öz söwdasyn özi etmeýen,

Teşneläp çölde ýatmaýan,

Balyň gadyryn näbilsin.'


Mürşidi-kämil bolmaýan,

Kä  aglaýyp,kä gülmeýen,

Özüniň gadyryn  bilmeýen,

Iliň gadyryn nä bilsin.


Görogly, panyga gelen,

Ykrarynda ýokdur ýalan,

Uruş tälimin bilmeýen,

Merdiň gadyryn nebilsin.