Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝERINDEMI?

ÝERINDEMI?


Gökden uçan bölek durna,

Biziň iller ýerindemi?

Biri müňünä  baş durna,

Biziň iller ýerindemi?


Atlananda bile ýören,

Ganym görse, gylyç uran,

Edep bilen salam beren,

Öwez oglum ýerindemi?


Meýdanyn  bilip gaçdygym,

Dönüp-dönüp  söweşdigim,

Inçe bilinden guçdugym,

Agaýunus ýerindemi?


Görogly aýdar  öwündigim,

Teblede bedew  mündügim,

Arka berip  sygyndygym,

Goja daglar ýerindemi?