Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BOLMA

Bolma

Ýalňyz balam, algyn pendim, Ýurduň terk eýleji bolma!
Özüňden gaýry namardyň Minnetin çekiji bolma!
.
Gyraty besle jul bile, Oturyşgyn ähli dil  bile,
Ölinçäň  bedasyl  bile Mähriban  bolujy   bolma!
.
Tagam  berseň, bergin aja, Daýangyn  egri gylyja,
Emma duran gury agaja Nähak gan çalyjy bolma!
.
Şat bol il-halkyň görende, Sözün al geňeş berende,
Bir garyp  aglap duranda, Ýanynda  gülüji bolma!
.
Jygaly  beg, öwüş-öwüş, Myhman gelse, etgin söwüş
Döwüşseň, mert  bilen döwüş, Namardy kowyjy bolma!