Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GELDIŇMI?

GELDIŇMI?


Tahammil eýlegin, habar soraýyp,

Eý, mahy tabanym, ýene geldiňmi?

Söýgüli adyňa gurban  bolaýyn,

Jenneti ryzwanym, ýene geldiňmi?


Men  saňa bu janym bereýin para,

Ýene sen geldiňmi men intizara,

Goýnuň içi  meňzär göýä  bahara,

Bahry-zemistanym ýene geldinmi?


Aşyklar nalasy ýene magrajy,

Muhupbet şirindir, aýralyk ajy,

Gözümiň nury sen, başymyň  täji,

Döwletli döwranym, ýene geldiňmi?


Şuglaňyz on dördi  gijäniň aýy,

Ýanynda  Gülşirin — melekler mahy,

Ne sebäpden arzuw etdiň bu jaýy,

Gözleri mestanym, ýene geldiňmi?


Görogly beg, ýar, ýoluna baş goýup,

Haýsy aşyk geçdi didardan doýup,

Sen  näme aglar sen telleriň ýaýyp,

Zülpi zerewşanym, ýene geldiňmi?