Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ARAP  GARDAŞ

ARAP  GARDAŞ


Laçynym, düşdüm  goluna,

Arap gardaş, aman-aman.

Goýber-hä, gidem ýoluma,

Arap gardaş, aman-aman.


Gerçe sözüň ýalany bar,

Gözi ýolda galany bar,

Ülkämiziň talaňy bar,

Zalym gardaş, aman-aman.


Hakdan şum  nesip bolandyr,

Ýa-ha Öwezim ölendir,

Nurbat Alydan galandyr,

Arap gardaş, aman-aman.


Serhowuz galdy saýasyz,

Öwez jan galdy daýasyz,

Çandybil galdy eýesiz,

Arap gardaş, aman-aman.


Elim  arkama  baglydyr,

Synam   çaprazly  daglydyr,

Armanlyja  Göroglydyr,