Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GITMEZ   DUMANYŇ

GITMEZ   DUMANYŇ?


Ýyldyzdagym, senden  habar  alaýyn,

Ýyldyzdagy, neçün gitmez dumanyn?

Äriňe-piriňe gurban  bolaýyn,

Ýyldyzdagy,  neçün gitmez dumanyň?


Boranlyja çisňilije gyşyň  bar,

Her bir dürli reň berilen daşyň bar,

Men bilmenem, ne söwdaly başyn bar,

Ýyldyzdagy,  neçün   gitmez  dumanyň?


Ganymyň gidipdir bu gün basylyp,

Gylyjyň zarbyndan  kelle kesilip,

Belki, at deminden başyň sus olup,

Ýyldyzdagy,  neçün  gitmez  dumanyň?


Daglaryň içinde daglar, şahy sen,

Huplaryň  içinde  melek, ,mahy  sen,

Göroglynyň   seýranlyja.,jaýy   sen,

Ýyldyzdagy, neçün gitmez dumanyn.?