Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

NÄZLIM TOÝUNY

Näzlim toýuny


Toý tutmuşam  Çandybiliň düzünde,

Begler, gutlan, bu gün näzlim toýuny,

Duşman köp bolupdyr meniň kastymda,          

Begler, gutlaň şu gün näzlim toýuny.


Meýlisimde   saz-söhbetler   guruňlar!

Gol gowşuryp  hyzmatymda duruňlar!

Aga, begler,  altyn  käse  uruňlar!

Begler, gutlaň şu gün näzlim  toýuny.


Bäş  menzilden  bedew  atlar çapar men,

Her menzilde sermes guzy gapar men,

Beglerime agyr halat ýapar men,

Begler, gutlaň şu gün näzlim toýuny.


Görogly  beg  gurdy söhbst-sazlary,

Kölünde   garkyldar   guba-gazlary,

Toýa gelen ähli türkmen gyzlary,