Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ZÜLPÜŇ SENIŇ

ZÜLPÜŇ SENIŇ


Sapa dagyň sergininde,

Öwser gara zülpüň seniň.

Säher wagty, daň çagynda,

Towsar  gara  ýülpüň seniň.


Alyp geldim uzak ýoldan,

Jerenli suwsuz çölden,

Gähi sagdan, gähi soldan,

Böwser gara zülpüň seniň.


Ýazlasam ýaryň bagynda,

Gyşlasam göwsüň agynda,

Sabanyň sergin çagynda,

Keser gara zülpüň seniň.


Gyrat münup, ýollar ädem,

Ýar, şirin lebindei dadam,

Ak ýüzünde badam-badam,

Basar gara zülpüň seniň.


Gyrat mündüm aga-ýana,

Ýar lebinden gana-gana.

Towlanyp o ýan, bu ýana,

Tasar gara zülpüň seniň.


Dag  başynda dursammykan,

Ýar,  köýünde ýörsemmikäm,

Ýa men özüm alsammykam,

Eser gara zülpün seniň.


Arap at meýdanda ýörer,

Är bolan  lebzinde durar,

Ýa Görogly,  piriň urar,

Asar gara zülpüň seniň,