Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GEREKDIR

GEREKDIR


Bedew atyň tarypyny aýdaly,

Ibrişim   ýüpekden   ýaly  gerekdir.

bozduman  aýakly,  bezbent toýnakly,

Tylladan kakylan naly gerekdir.


Üstüne müneňde sapa  goýunly,

Meýdana girende ýüz müň oýunly,

Degirmen sagryly, aç gurt boýunly,

Oňurga ortasy doly gerekdir.


Söweşe  girende  agzyny  açar,

Duşmanlar  öňünde  koý  kimin  gaçar,

Söweş gyzdygyça boz köpük saçar,

Goç  ýigidiň  aty däli  gerekdir.


Görogly aýdar, Aly pirim  ýar bolsa,

Söweş güni goç ýigitler arlasa,

 «Däh!» diýende,  almaz  gylyç   parlasa,

Destinde Muhammet,  Aly  gerekdir.