Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝOL  MUNDADYR

ÝOL  MUNDADYR


Sabaýyn sowuldyň ýoldan,

Gaýt, Bezirgen, ýol mundadyr!

At salaryn sagy-soldan,

Gaýt, Bezirgen, ýol mundadyr!


Men bir şa men, täjim bardyr,

Senden aljak harjym bardyr,

On sekiz ýyl pajym bardyr,

Gaýt, Bezirgen, ýol mundadyr!


Şu gün seniň, günüň  batar,

Janyň jähenneme ýeter,

Bogazyňdan peýkam öter,

Gaýt, Bezirgen, ýol mundadyr!


Meýdandan goýbermen seni,

Tanyman ötdüňmi meni,

Gel, pajyň, ber, ýöre göni,

Gaýt, Bezirgen, ýol mundadyr!


Görogly  beg, dünýä erkdir,

Erkli ýigitlerim kyrkdyr,

Ýyldyz dagyň ýoly berkdir,

Gaýt, Bezirgen,ýol mundadyr!